logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly gurşawyň ähmiýeti
  30.10.2026
22
Sanly gurşawyň ähmiýeti

Häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşi bütindünýä möçberinde bolup geçýän sanlylaşdyryş amallary bilen pugta baglanyşyklydyr. Sanly gurşaw — bu diňe bir tehniki serişdeleriň toplumy bolman, eýsem, maglumatlary ýaýratmak, geçirmek, saklamak, işlemek we kämilleşdirmek boýunça iş alyp barýan ulgamdyr. Onuň özenini bolsa maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary düzýär.

 

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» kabul edilen Karar, sanly ulgamyň ösüşinde binýatlyk esasy goýdy. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýet adalgasy ykdysatçylaryň we bilermenleriň giňden ara alnyp maslahatlaşylýan temasyna öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirmek bolar. Çünki häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge daşary ýurtlarda üns has-da artýar, sebäbi onuň islendik ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmakda we ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmekde döredýän mümkinçilikleri örän uludyr.

 

Dünýä ykdysadyýetiniň hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň täze basgançaga çykmagy maglumatlaryň tiz we ygtybarly alşylmagyny talap edýär. Şunlukda, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary diňe bir tehniki hyzmatdaşlyk serişdesi hökmünde däl-de, eýsem, ähli pudaklarda netijeliligi artdyrmagyň, adam maýasyny ösdürmegiň we dolandyryşy berkitmegiň binýatlyk guraly hökmünde çykyş edýär.

 

 Şonuň üçin hem esasy maksady sanly gurşawda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulgamlaýyn düzümini seljermek, olaryň funksional ähmiýetini we häzirki zaman pudaklaýyn durnuklylyga ýetirýän oňyn täsirini ylmy taýdan esaslandyrmakdan ybaratdyr.

 

Güljemal ALLAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.