logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy
  29.10.2026
10
Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Hytaý Halk Respublikasynyň «Ajaýyp Hytaý: Sinziýanyň sungaty we gözelligi» atly şekillendiriş we fotosurat sergisi geçirildi.

Hytaý Halk Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar ilkinji gezek 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan başlap şu günki günlerimizde hem barha dabaralanýar. Şol wagtdan häzirki güne çenli iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady, medeni we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Iki döwletiň däpleri, olaryň gündeki durmuşy, gazanylan üstünlikleri ylmy-medeni çäreleriň, medeniýet günleriniň we forumlaryň üsti bilen öwrenilýär. Şeýle giň göwrümli medeni-ruhy gatnaşyklaryň we özara tejribe alyşmalarynyň netijesinde, Hytaý sungatynyň inçe syrlary, suratkeşleriň täze ýazyş usullary dürli grafiki we nakgaş eserlerde hem öz ähmiýetini tapýar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Hytaý Halk Respublikasynyň Edebiýat we sungat işgärleriniň birleşiginiň Halkara gatnaşyk bölümi hem-de Sinziýan Uýgur awtonom sebitiniň Edebiýat we sungat işgärleriniň birleşiginiň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan «Ajaýyp Hytaý: Sinziýanyň sungaty we güzelligi» atly şekillendiriş we fotosurat eserleri sergilenýär. Sergide Sinziýanyň ussat suratkeşleriniň döreden ösen döwrüň hytaý ruhuny we Sinziýan sebitiniň özboluşly keşbini özünde jemleýän sungat eserleri görkezilýär. Týan-Şan daglarynyň demirgazygyndan günortasyna çenli uzap gidýän gözel tebigatyny, köp öwüşginli milli däp-dessurlaryny we döwrüň joşgunly ruhyny wasp edýän bu ekspozisiýa giň mazmuny bilen tapawutlanýar. Nakgaş eserlerinde ýerli halkyň gündelik durmuşy hem-de gadymy däp-dessurlary dürli çeperçilik ugurlarda açylyp görkezilýär. Hytaýyň gadymy grafika sungatyna degişli eserlerinde bolsa Hytaý tebigatynyň dürli pasyllardaky owadanlygy inçeden ýerine ýetirilip, olarda dag-düzleriň arassa howasy we ruhy gözelligi aýdyň duýulýar. Şeýle hem sergide görkezilen fotosuratlarda Hytaýyň täsin tebigatyny, şäher peýzažlaryny we gazanylan uly üstünlikleri beýan edilýär.

Jeren Pallykowa
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
şekillendiriş sungaty muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň
esasy hünärmeni