Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň YouTube sahypasynda «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň täze sany tomaşaçylara ýetirildi. Gepleşigiň üçünji sanynda žurnalist we şahyr Dursun Tekäýewa myhman boldy.
Arazbike Jumaýewanyň alyp baran söhbetdeşliginde myhman öz durmuş ýolunda gabat gelen möhüm wakalar, döredijilik dünýäsine bolan garaýşy hem-de ylham alýan çeşmeleri barada pikirlerini paýlaşdy. Şeýle-de gürrüňiň dowamynda durmuş kynçylyklarynyň adamyň häsiýetine we şahsy ösüşine ýetirýän täsiri barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşligiň esasy ugurlarynyň biri kynçylyklaryň adamy gowşadýandygy ýa-da ony has-da taplaýandygy baradaky sowal boldy. Dursun Tekäýewa bu meselä öz tejribesinden ugur alyp, garaýyşlaryny beýan etdi.
«Ykbal öwrümi» gepleşigi dürli ugurlarda özüni tanadan şahsyýetleriň durmuş ýoly, tejribesi we garaýyşlary bilen tomaşaçylary tanyşdyrýar. Gepleşik arkaly adamyň içki dünýäsi, durmuşda kabul edýän çözgütleri we kynçylyklary ýeňip geçişi barada täsirli söhbetdeşlikler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmegi wagyz etmek we jemgyýetde ekologik düşünjäni ösdürmek ugrunda iş alyp barýar. Gurama bu ugurdaky başlangyçlar bilen bir hatarda, medeniýet, sungat we döredijilik bilen bagly taslamalara hem goldaw berýär.
Gepleşigiň üçünji sanyny Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň YouTube sahypasynda doly görüp bilersiňiz.