logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Aşgabat — Köneürgenç ugry boýunça ýörite zyýarat otlusy gurnalar
  02.06.2022
1065
Aşgabat — Köneürgenç ugry boýunça ýörite zyýarat otlusy gurnalar

10-njy iýunda «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Köneürgenç ugry boýunça «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna alyp gitmek we yzyna getirmek üçin ýörite zyýarat otlusyny gurnaýar.

Zyýarat üçin guraljak ýolagçy otlusy Aşgabat stansiýasyndan ugraýan wagty:
Aşgabat 17:10;
Içoguz 22:30 — 22:50;
Daşoguz 04:30 — 04:15;
Köneürgenç 08:00.

Köneürgenç stansiýasyndan ugraýan wagty:
Köneürgenç 19:00;
Daşoguz 21:45 — 22:15;
Içoguz 04:08 — 04:28;
Aşgabat 09:30.

Demir ýol otlusynyň restoran wagonynda ýolagçylar üçin dürli görnüşdäki tagamlar hödürlenýär.

Demir ýol otlularynyň petekleriniň bahalary:

Küpe wagony:
Çagalar üçin 83 manat 90 teňňe, uly adamlar üçin 146 manat 30 tenne.

2 adamlyk SW wagony
Çagalar üçin 125 manat 10 teňňe, uly adamlar üçin bolsa 263 manat 90 teňňe.