logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär
  24.03.2022
1275
Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram sahypasy, 25-nji martda  Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň boljakdygyny habar berýär. Bu ýörite uçar gatnawy «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar.

Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň petekleri 24-nji martda sagat 09:00-dan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky bölümlerinde amala aşyrylar.

Şeýle hem ýörite uçar gatnawy bilen Moskwa uçmakçy bolýan ýolagçylaryň soňky duralgasy Moskwa şäheri bolmadyk ýagdaýynda, onda olar «S7» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan özlerine gerekli gatnaw boýunça awiapetekleri satyn alyp bilerler.

Habarlaşmak üçin şu aşakda görkezilen salga ýüz tutup bilerler:

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy. Telefon belgileri: +993 12 21-05-93 +993 64 03-37-03).