logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Aşgabat şäher häkimligi sanly hyzmatlar portalynyň işini ýola goýdy
  12.01.2023
1519
Aşgabat şäher häkimligi sanly hyzmatlar portalynyň işini ýola goýdy

Aşgabat şäher häkimligi «e.ashgabat.gov.tm» salgyda ýerleşýän sanly hyzmatlar portalynyň işini ýola goýdy. Indi ýurdumyzyň raýatlary bu onlaýn hyzmatlar arkaly gymmatly wagtlaryny tygşytlap, jemagat hyzmatlaryny ýagny, suw, zir-zibil, jaý jemagat hyzmatlary töleglerini onlaýn görnüşde töläp bilerler, bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň web-saýty habar berýär.

Mundan başga-da, sanly hyzmatlar portalynyň üsti bilen zerur bolan güwänamalary hem onlaýn ýagdaýda sargyt edip bolýar. Saýtyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ulanyjylar ýaşaýan ýeri boýunça degişli ýaşaýyş jaý ulanyş müdirligine baryp, şahsy otagyny döretmek üçin login we açar sözüni alyp, belletmelidir, çünki bu programma degişli edara-kärhanalar bilen maglumat kommunikasiýasy torlary arkaly arabaglanyşykda işleýär.

Belläp geçsek, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin döredilen sanly hyzmatlar portalyny üç dilde hereket edýär. Bu hyzmatlar portaly Aşgabat şäher häkimligine degişli ähli ýaşaýyş jaý müdirliklerini we paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny bir ýere jemleýän uly maglumat tory bolmak bilen, şäheriň ýaşaýjylary üçin hödürlenilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmekde amatly çözgüt bolar. Ýakyn geljekde portalyň mümkinçiliklerini has hem giňeltmek we amala aşyrylýan hyzmatlaryň sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär.