logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Aşgabat şäherindäki jemgyýetçilik awtobuslary ýörite şygarlar bilen bezeldi!
  18.01.2023
930
Aşgabat şäherindäki jemgyýetçilik awtobuslary ýörite şygarlar bilen bezeldi!

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Maslahatlar köşgünde jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Maslahat häzirden taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar.

Paýtagt baýramçylyk lybasyna girmek bilen şäheriň köçeleri we  jemgyýetçilik awtobuslary döwrebap şygarlar bilen bezeldi.  «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!», «Watan diňe halky bilen watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»  we beýleki döwrebap şygarlar  ýurdumyzyň ösüşleri hem-de  halkymyzyň agzybirligini  aýdyň şöhlelendirýär.