logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Aşgabat şäherinde lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtükleri gurlar
  11.02.2023
1222
Aşgabat şäherinde lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtükleri gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ilata edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde ýerasty suwlaryň derejelerini peseltmek hem-de lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtüklerini gurmak barada Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «СAI Interbudmontazh GmbH» kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygyny hem ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we desgany 2030-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.