logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Aşgabat şäherine halkara güwänama berildi
  29.04.2022
915
Aşgabat şäherine halkara güwänama berildi

Ýakynda, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Ýagny, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berildi.

Onda ozal hem ençeme halkara ykrarnamalaryna eýe bolan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň gowşurylmagy, eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak we tokaý zolaklaryny döretmek babatda yzygiderli alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de gür baglyklary döretmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda BMG bilen bilelikde amala aşyrýan Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalaryny we taslamalaryny görkezmek bolar. 

Belläp geçsek, hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Bu asylly ýörelge, ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün etdi we sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna ýardam berdi.

Miwegül SERDAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.