logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Aşgabat –Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ikinji bölegi açylar
  05.04.2024
702
Aşgabat –Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ikinji bölegi açylar

Toýlary toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda agzybir halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär. Köpçülikleýin sport hereketleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýan saglyk aýy bolan hoştap howaly aprelde boljak esasy wakalaryň biri-de ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat uly awtoulag ýolunyň ikinji – Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasynyň geçirilmegidir.

 

2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda gurluşygyna badalga berlen bu ýokary tizlikli ýoluň ilkinji 203 kilometrlik Aşgabat – Tejen böleginiň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda bolupdy. Gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan “Türkmen awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýan häzirki zaman awtoulag ýolunyň we onuň desgalarynyň ýerine ýetiriliş işleriniň hil derejesine gözegçilik etmek boýunça “VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH” kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.  

 

Suhrabjan POLATBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.