logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Aşgabat we Tähran gaz hyzmatdaşlygy ösdürilýär
  28.11.2023
816
Aşgabat we Tähran gaz hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Ýaňy ýakynda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisinde taraplar gaz hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

 

 

Duşuşykda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, gurluşyk we infrastruktura, gümrük hem-de serhet kadalaşdyrylyşy, senagat, oba we suw hojalygy, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalar ulgamynda gepleşikleri dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. 

 

 

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistandan Eýrana çekilen gaz geçirijiler arkaly türkmen tebigy gazynyň iberilmegi boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Körpeje-Gurtguýy» gaz geçirijisiniň kuwwatlylygyny doly peýdalanmak arkaly goňşy ýurda eksport edilýän tebigy gazyň möçberleriniň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy hem-de «Çaloýuk» gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen türkmen tebigy gazynyň eýran ugry boýunça iberilýän möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim edildi.

 

 

Rahymberdi ÖDÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energo-tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.