logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Science and Education /Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi
  11.01.2026
353
Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda Bütindünýä hindi dili gününiň bellenilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň çäklerinde Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu Türkmenistanyň Hindistanyň sebitdäki esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Diplomat öz çykyşynda Hindistanyň 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny belledi. Şu günki günde döwletleri diňe bir müňýyllyk taryhy kökler däl, eýsem umumy geosyýasy bähbitler hem baglanyşdyrýar.

 

Ilçi şeýle hem işjeň syýasy gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini mälim etdi. 2026-njy ýylda iki ýurduň liderleriniň 2010-njy, 2015-nji we 2022-nji ýyllardaky duşuşyklarynyň dowamynda düýbi tutulan ýokary derejeli özara saparlar däbi dowam etdiriler.

 

Hindistan dünýäniň dördünji uly we iň çalt ösýän ykdysadyýetidir. Bu babatda tejribe we tehnologiýalar bilen paýlaşmaga taýýarlyk bildirildi. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde maglumat tehnologiýalary we sanlylaşdyrmak, derman senagaty we saglygy goraýyş, bilim we hünärmen taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem tebigy baýlyklardan özara bähbitli peýdalanmak bellenildi.

 

Dabaranyň dowamynda medeni gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ilçi Türkmenistan hökümetine hindi medeniýetiniň, şol sanda sazyň, tansyň, ýoganyň, aýurwedanyň we kinonyň Türkmenistanda giňden ýaýbaňlandyrylmagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ilçi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlar düzümine bütin dünýäde 600 milliondan gowrak adamyň gürleýän dili bolan hindi dilini öwrenmäge berýän goldawlary üçin sag bolsun aýtdy.

 

Çäräniň dowamynda türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeginde edebi we aýdym-sazly çykyşlar ýaňlandy, ýoga ussatlygy görkezildi we hindi aşhanasynyň tagamlary hödürlendi.

 

Bu dabaraly çäre Aşgabat bilen Nýu-Deliniň arasyndaky barha berkeýän dostlugyň nobatdaky subutnamasy boldy.

 

Gülnar BERKELIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.