logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Aşgabatda «CAFA NOWRUZ-2024» diýen at bilen çagalaryň futbol festiwaly geçirildi
  26.03.2024
920
Aşgabatda «CAFA NOWRUZ-2024» diýen at bilen çagalaryň futbol festiwaly geçirildi

Golaýda, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň guramagynda «CAFA NOWRUZ-2024» diýen at bilen çagalaryň futbol festiwaly geçirildi.

 

Özboluşly sport baýramçylygyna öwrülen bu çäre bütin dünýäde iň bir söýgüli oýunlaryň biri bolan futbolyň ýaşajyk wekilleriniň — oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň 150-den gowragyny bir ýere jemledi.

 

Ýaş futbolçylaryň öz ussatlygyny, hyjuwyny we toparlaýyn jebisligini görkezen çykyşlary köp sanly tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Bu festiwal ýaş nesilleriň arasynda futbola gyzyklanma döreden täsirli wakalaryň birine öwrüldi.

 

Gyzgalaňly geçen ýaryşyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar hem-de futbol toplary gowşuryldy.

 

Söhbet JEPBAROW, 

 

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň talyby.