logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Aşgabatda halkara sergi we maslahat geçiriler
  05.05.2025
849
Aşgabatda halkara sergi we maslahat geçiriler

2025-nji ýylyň 24-25-nji​ maýynda Aşgabat şäherinde “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV​ halkara köpugurly sergi we maslahat geçiriler. Bu halkara çäresi paýtagtymyzyň häkimligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar diýip, resmi metbugat habar berýär.

 

Sergi bilen bilelikde geçiriler maslahatyň maksady – şäher gurluşygy, binagärlik, ulag hem-de maglumat tehnologiýalary boýunça innowasion çemeleşmeleri we çözgütleri tanyşdyrmakdan ybarat. Gatnaşyjylar öz taslamalaryny hödürläp, Aşgabat şäheriniň durnukly ösüşi we ýaşaýjylaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça pikir alyşarlar.

 

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda geçiriljek maslahat bolsa dürli ugurlardaky hünärmenleriň we ykdysadyýet wekilleriniň şäher infrastrukturasy boýunça tejribe alyşmagy hem-de möhüm meseleleri maslahatlaşmagy üçin mümkinçilik döreder.

 

Bu çäreler işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze maýa goýumlaryny çekmäge we paýtagty ösdürmäge gönükdirilen taslamalary döretmäge ýardam eder.