logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Aşgabatda ilkinji halkara moda görkezilişi geçirildi
  26.03.2025
1425
Aşgabatda ilkinji halkara moda görkezilişi geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli giň möçberli sergi guraldy. Bu çäre milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynda gazanylan üstünlikleri, onuň ösüş ugurlaryny we geljekki mümkinçiliklerini beýan etmäge gönükdirildi.

 

Telekeçilik ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, häzirki zaman bazar usullarynyň ornaşdyrylmagy hem-de hususy pudagyň ykdysadyýetdäki ornunyň berkemegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanan bu maksatnamalar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Hususy telekeçilige berilýän giň gerimli döwlet goldawynyň netijesinde Türkmenistan senagat taýdan ösen, kuwwatly önümçilik mümkinçiliklerine eýe bolan döwlete öwrülýär.

 

Sergi giň mazmunly maksatnamasy bilen tapawutlanýar. Onuň çäklerinde «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guraldy. Bu çärä dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleri we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlary, «Vanity Fair», «Vogue», «Marie Claire Arabia», «Grazia», «Elle» žurnallary, «Fashion Network» gazetiniň wekilleri gatnaşdylar.

 

Paýtagtymyzdaky “Toý mekany” merkezinde geçirilen bu moda görkezilişinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, şeýle hem hususyýetçilige degişli bolan modalar öýleriniň taýýarlan lybaslary görkezildi. Bu egin-eşik toplumlarynda milli däpler döwrebap biçüwler bilen utgaşdyrylyp, türkmen medeniýetiniň we döredijilik mümkinçilikleriniň dünýä ýaýylmagyna şert döredildi.

 

Şeýlelikde, sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we gazanylýan üstünlikleriň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hususy telekeçileriň döredijilik, innowasion çemeleşmeler arkaly milli ykdysadyýete goşýan goşandy barha artýar. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň täze sepgitlere ýetýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Atajan Jumakulyýew
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 
2-nji ýyl talyby.