logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Aşgabatda “ITSE 2025” halkara sergi ýarmarkasy geçiriler
  08.04.2025
713
Aşgabatda “ITSE 2025” halkara sergi ýarmarkasy geçiriler

2025-nji ýylyň 29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda Aşgabatda kiçi we orta telekeçiligiň daşary ýurt bazarlaryna çykmaga gyzyklanma bildirýän wekilleri üçin “Halkara söwda we hyzmatlar 2025” (ITSE 2025) atly sergi ýarmarkasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.

 

Bu çäre halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, geljegi uly bazarlara elýeterliligi ýokarlandyrmak we eksport işlerini ösdürmek maksady bilen guralýar. Gatnaşyjylar, işewürlik gatnaşyklary ýola goýup, tejribe alyşyp, öz önümlerini mümkinçilikleri bolan täze hyzmatdaşlara hödürläp bilerler.

 

“ITSE 2025” sergisi işewürlere we maýadarlara daşary ýurt kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlyk etmek, öz önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmak hem-de “B2B” we “B2G” görnüşindäki duşuşyklary geçirmek üçin amatly meýdança döredip biler. Şeýle-de, sergide işewürleriň özara pikir alyşmalary üçin bölümçeler we çekişme söhbetdeşlikler meýilleşdirilen.

 

Sergi azyk we oba hojalyk önümlerinden tutup, elektron söwda, tehnologiýalar we senagat önümçiligine çenli dürli ugurlary öz içine alar. Eksport edijiler, önüm öndürijiler, bölek we lomaý söwda gatnaşyjylar, bilermenler, geňeşçiler we startaplar çärä gatnaşarlar.

 

Guramaçylar serginiň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek we uzakmöhletleýin işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm bir meýdança boljakdygyny nygtaýarlar.

 

Guwanç GARAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we
gaz uniwersitetiniň ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň talyby.