logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Aşgabatda orta asyr täjik şahyry Saido Nasafi Mirobidiniň ýadygärligi dikiler
  08.04.2024
947
Aşgabatda orta asyr täjik şahyry Saido Nasafi Mirobidiniň ýadygärligi dikiler

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy gurulýar. Onuň çäginde dostlukly ýurtlaryň meşhur akyldarlarynyň, şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň ýadygärlikleriniň, şol sanda orta asyr täjik şahyry Saido Nasafi Mirobidiniň ýadygärligi hem ornaşdyrylar. Munuň özi türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky baky dostlugyň nyşanyna öwrüler.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Saido Nasafi takmynan 1707-1711-nji ýyllarda ýagny XVI asyryň 30-njy ýyllarynda dogulýar. Ol ilkibaşda Buharada öz bilimini alýar we şol ýerde ömrüniň ahyryna çenli ýaşaýar. Saido pars dilinde gazallary we kasydalary ýazypdyr.  

 

Döwürdeşleriniň pikiriçe, Saidonyň meşhurlygy gaty uly bolupdyr. Ol batyrgaý, dogumly, çyn sözli adam bolupdyr. Häzirki wagtda hem gazal ýazylanda köplenç Saido Nasafiniň usulyndan peýdalanylýar.

 

Güljemal GOTUROWA,

 

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň talyby.