logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Aşgabatda “QACIS 2025” halkara maslahaty geçiriler
  08.04.2025
1338
Aşgabatda “QACIS 2025” halkara maslahaty geçiriler

2025-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Aşgabatda ählumumy işewürlik gurşawyna hil standartlaryny ornaşdyrmak meselelerine bagyşlanan “QACIS 2025” atly halkara maslahaty geçirilýär. Maslahatyň maksady, sanly özgertmeler we ählumumy bäsleşigiň ýokarlanýan şertlerinde standartlaşdyrma tejribelerini ara alyp maslahatlaşmakdyr. Çärä 8 ýurtdan bilermenler, hökümet we hususy pudagyň wekilleri gatnaşar.

 

“World Halal Trust Group”, “Control Union Quality”, “Bureau Veritas”, “SGS” kompaniýalarynyň wekilleri we “Global G.A.P.”, “OEKO-TEX” ýaly standartlaşdyrma düzümleriniň hünärmenleri çärä gatnaşar. ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Awstraliýa we Aziýa ýurtlaryndan çagyrylan daşary ýurt wekilleriniň hem bu maslahata gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

 

Maslahatyň çäklerinde gurluşyk, nebitgaz, azyk we derman senagaty ýaly esasy pudaklarda “ISO” standartlaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem sertifikatlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmaga gönükdirilen “B2B” we “B2G” görnüşindäki işewürlik duşuşyklary geçiriljekdir.

 

Guramaçylar “QACIS 2025” maslahatyna gatnaşmagyň kompaniýalara halkara standartlar barada möhüm maglumatlar bilen tanyşmaga, şeýle hem önümleriniň we hyzmatlarynyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belleýärler.

 

Şemşat ÇARYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.