logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Aşgabatda täze söwda-dynç alyş merkezi açyldy
  17.03.2024
1379
Aşgabatda täze söwda-dynç alyş merkezi açyldy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze Arkaç söwda-dynç alyş merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn Asyr" saýty habar berýär. Bu täze toplum işewürlik dünýäsiniň jemlenýän merkezine we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň dynç alýan ýene bir künjegine öwrüler.

 

 

Soňky tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan 4,7 gektar meýdan çäkde ýerleşýän işewürlik we dynç alyş merkezli hem-de ýerasty awtoulag duralgaly Arkaç söwda-dynç alyş merkezi 3 gatdan ybarat bolup, merkezi bölegi hem-de birnäçe köpugurly desgalary öz içine alýar.

 

 

Täze açylan Arkaç söwda-dynç alyş merkeziniň çäginde 55 müň 377 inedördül meýdany bolan supermarket ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde alyjylaryň ygtyýaryna köpsanly dürli dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozal, çagalar dynç alyş şäherçesi, restoran we kafe, şeýle hem Toý mekany we beýlekiler halka hyzmat eder.

 

"Arkaç" söwda-dynç alyş merkeziniň salgysy:
Magtymguly şaýoly "Altyn Açar" kafesiniň garşysy.