logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Aşgabatda Türki döwletleriň nobatdaky Ýaşulylar geňeşi geçiriler
  07.03.2024
814
Aşgabatda Türki döwletleriň nobatdaky Ýaşulylar geňeşi geçiriler

11-13-nji martda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky 15-nji mejlisi Aşgabat şäherinde geçiriler.

 

 

Ýaşulular geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriş edarasy bolup, gurama agza döwletleriň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgärlerinden düzülýär. Mejlisiň barşynda guramanyň we geňeşiň işleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşylmagyna garaşylýar.

 

 

Mundan öň Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 14-nji mejlisi Özbegistanyň Samarkant şäherinde 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilipdi.

 

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň hormatly agzalygyna saýlandy. Belläp geçsek, türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda Türkiýä iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup biljekdigi barada belledi.

 

 

Häzirki wagtda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy wezipesini Türkiýäniň ozalky Premýer-ministri Binali Ýyldyrym alyp barýar.

 

Bezirgen Akmyradow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.