logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” halkara maslahaty açyldy
  22.10.2025
701
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” halkara maslahaty açyldy

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly 30-njy halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Bu ýylky maslahat “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynda bütindünýä energetikanyň geljegini kemala getirmek – innowasiýalar, energetika geçişi we strategiki hyzmatdaşlyk” şygary bilen geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Maslahata ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, döwlet we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýar. Onda energetika pudagyndaky täze tehnologiýalar, ekologik durnukly ösüş, metan zyňyndylaryny azaltmak, gazhimiýa önümçiligi we hyzmatdaşlygyň geljegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

 

Maslahatyň çäklerinde 70 ýurtdan 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagynda “OGT Expo” sergisi hem guraldy. Sergä dünýä belli kompaniýalar — ADNOC, CNPC, “Eni” we PETRONAS ýaly nebitgaz ägirtleri gatnaşýarlar. Çäre 24-nji oktýabra çenli dowam eder.

 

Akmämmet Baýramow,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.