logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Aşgabatda ýaşlaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça açyk ýaryş tamamlandy
  23.12.2025
624
Aşgabatda ýaşlaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça açyk ýaryş tamamlandy

Şu gün Aşgabatda grek-rim göreşi boýunça ýaş pälwanlaryň arasynda geçirilen açyk ýaryş tamamlandy. Jemleýji duşuşyklar «Täze zaman» sport toplumynyň görnüşli zallarynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Bu bäsleşik Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna mynasybetli gurnaldy. «Olimp» sport mekdebiniň türgenleri hem-de paýtagtyň beýleki sport toparlary 45 kilogramdan başlap, 110 kilogramdan ýokary agyr agram derejesine çenli jemi 10 agram derejesi boýunça güýç synanyşdylar.

 

Üç gün dowam eden ýaryşyň ilkinji gününde agram ölçegleri geçirildi, soňra bolsa saýlama tapgyrlar boldy Guramaçylar agram derejesiniň bir kilogram artykmaçlygyna rugsat berdiler. Göreş Bütindünýä göreş birleşiginiň halkara düzgünleri boýunça alnyp baryldy: guşakdan aşakdan tutmak, aýakdan kakmak gadagandyr. Bu görnüşde ähli zady eliň we göwräniň güýji çözýär.

 

Ýaş topary üçin bu bäsleşik — taýýarlygyň möhüm tapgyrydyr. Hut 2008–2010-njy ýyllarda doglan türgenlerden häzirki wagtda ýurduň milli ýygyndysynyň ätiýaçlyk düzümi emele getirilýär.

 

Eminleriň çözgüdi boýunça ýeňijiler yglan edildi. Iň üstünlikli çykyş eden ýaş pälwanlar Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandy. Ýaryşyň jemleri boýunça tälimçiler indiki ýylda jemgyýetçilik we sport ulgamynda geçiriljek ýaryşlara gatnaşjak dalaşgärleri saýlap almaga mümkinçilik aldylar.

 

Ylýas MYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.