logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Aşgabatda ýerleşýän haýwanat bagyndaky nil krokodiliniň çagasy boldy
  19.10.2022
1658
Aşgabatda ýerleşýän haýwanat bagyndaky nil krokodiliniň çagasy boldy

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýinde nil krokodiliniň çagasy boldy. Adatça krokodiller gury ýerde höwürtgeleýärler we ýumurtgalaryny şol ýerde goýýarlar. Aşgabadyň haýwanat bagynyň işgärleri krokodillerden nesil almak maksady bilen, olaryň ýumurtgasyny tomsuň başynda inkubatora goýdular we 120 günden soň çaga krokodiliň ýumurtgadan çykyşyna şaýat boldular. Şol sebäpli hem Häzirki wagtda çaga krokodil aýratyn terrariumda karantin edildi. Onuň birneme soňrak - güýç-kuwwata gelenden soň myhmanlara görkeziljekdigi aýdylýar.

Ýurdumyza nil krokodilleriniň ilkinji çagasy 2010-njy ýylda getirildi. Şol wagt olar 3 ýaşyndady. Ýene-de belläp geçsek, bu ýere gelýänleriň arasynda iň meşhur haýwan bolan torly žiraflaryň hem ýaňy-ýakynda ilkinji çagasy boldy.