logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady
  11.03.2026
395
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilýär.

 

Duşuşygyň dowamynda ministriň orunbasary yrakly diplomaty mähirli garşy alyp, Yrak tarapynyň Aşgabat şäherinde öz ilçihanasyny açmak baradaky çözgüdine ýokary baha berdi hem-de minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Türkmenistan tarapyndan bu diplomatik wekilhananyň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigi nygtaldy.

 

Taraplar Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasynyň açylmagynyň iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge oňyn täsir etjekdigini bellediler.

 

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejeli duşuşyklaryň hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmeleriň möhüm orny barada hem gürrüň edildi. Şeýle geňeşmeleriň iň soňkusynyň 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Bagdat şäherinde geçirilendigi aýratyn bellenildi.

 

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, hususan-da, işewür toparlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

 

Taraplar 2009-njy ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri Türkmenistan bilen Yragyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça, aýratyn-da halkara giňişliginde, üstünlikli ösdürilýändigini aýratyn bellediler.