logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Aşgabatlylara toý sowgady
  14.11.2020
887
Aşgabatlylara toý sowgady

     10-njy noýabrda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şol şatlyk we buýsançly günde Aşgabadyň gözel künjeginde 12 gatly 48 we 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 16-syny, şeýle-de söwda we dynç alyş merkezini öz içine alýan nobatdaky tapgyryň açylmagy ildeşlerimize ajaýyp toý sowgady boldy. Ulus-ilimizi begendirýän we buýsandyrýan ýagdaýlaryň biri-de paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyryndaky binalarynyň aglabasynyň gurluşyklaryny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýerine ýetirmegidir.  Bu babatda «Weli gurluşyk», «Ajaýyp gurluşyk», «Nusaý ýollary», «Aktab», «Bereketli jaý», «Çakmak daşy», «Rysgally zähmet», «Röwşen», «Ojar Aziýa» hususy kärhanalarynyň, «Altyn nesil», «Ajaýyp bina», «Altyn» hojalyk jemgyýetleriniň ezber elli gurluşykçylarynyň alyp baran işleri öwgüli sözlere mynasypdyr. Ýeri gelende, ady agzalan hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri Gökdepe etrabynyň çäginde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, dolandyryş merkeziniň gurluşygyna işjeň gatnaşandygyny hem bellemek gerek.

Täze desgalaryň açylyş dabarasynda milli öwüşginli çykyşlara giň gerim berildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň milli toý dessurlaryny açyp görkezýän tomaşalary toýçy märekede ýakymly duýgulary döretdi. Şol gün täze ýaşaýyş toplumynyň esasy ýolunyň çatrygynda türkmen alabaýynyň şanyna gurlan binanyň hem açylmagy bu dabara baý many goşdy.

 Ýurdumyzyň ýüregi saýylýan Aşgabatda gurlup, ulanylmaga berlen nobatdaky tapgyryň binalary merjen şäherimiziň binagärlik keşbiniň artmagyna getirdi hem-de gaýtalanmajak gözelligi we täsinligi, binagärlik sungatynyň ajaýyplyklary bilen Ýer ýüzüni haýrana goýýan ak mermerli şäherimize bolan buýsanjy artdyrdy.