logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Astrahan Türkmenistandan ýük daşamak üçin dört gämi taýýarlaýar
  15.02.2023
1087
Astrahan Türkmenistandan ýük daşamak üçin dört gämi taýýarlaýar

Astrahan sebitiniň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolynskiý Hazar deňzinden haryt daşamak üçin täze gämiler gurmak meselesine degip geçdi.

Astrahan gämi abatlaýyş kärhanalary Hazar basseýniniň we Hazar deňziniň portlarynyň mümkinçiliklerine laýyk gelýän gury ýük gämilerini gurýarlar.

«Döwlet transport lizing kompaniýasynyň tabşyrygy bilen, «Lotos» gämi gurluşyk zawodynda her biri 530 konteýneri daşamaga ukyply dört sany konteýner gämisiniň gurluşygy dowam edýär. Olar 2025-nji ýylda Hazar deňzinde ýüzüşe başlarlar» — diýip, Wolynskiý nygtap geçdi.

Onuň sözlerine görä, Astrahan we Türkmenbaşy portlaryny birleşdirjek deňiz ýolunyň resmi taýdan açylmagyndan soň, ýük eýelerine we Türkmenistanyň ýük daşaýjylaryna gämileriň hereketi üçin takyk wagt tertibi berler. Iş tertibine görä, Hazaryň üsti bilen Astrahan sebitine haryt iberilmegini meýilleşdirmek mümkin bolar. 

 

Mährijemal HALMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.