logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Astrahanda Halkara forum geçiriler
  09.03.2023
1217
Astrahanda Halkara forum geçiriler

26-27-nji aprelde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2023» atly Halkara forum geçiriler. Bu forum döwlete degişli edaralaryň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekillerini, şeýle hem Hazar sebiti döwletlerinden, Hindistandan we beýleki ýurtlardan bu ugurdan hünärmenleri bir meýdança ýygnar.

Foruma gatnaşýan döwletler Wolga-Hazar ulag-logistika ekoulgamynyň we Uly Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, ulag akymlarynyň bütin dünýäde üýtgemegi we Hazar sebitiniň Ýewraziýanyň magistral ugurlarynyň esasy düwünine: Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar, Demirgazyk-Gündogar, Günorta-Günbatar öwrülmegi şertlerinde netijeli işewürlik-strategýalaryna serederler.

Hususan-da, halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi we ulag-logistika işewürliginiň ösmegi üçin integrasiýa, sebitde agrar önümleriň eksporty, ulag-logistika infrastrukturasynyň ösmegi üçin taslamalara maýa goýmak we başga-da köp zatlar forumyň işewür maksatnamasynyň esasy meseleleri bolarlar.

Mejlisiň netijeleri boýunça resminamanyň kabul edilmegine garaşylýar, ol degişli kararlary kabul etmek üçin döwleti dolandyryşyň ugurdaş edaralaryna berler.

Belläp geçsek, çäräni gurnaýjylar bolup «Afanasiý Nikitin» birleşmesi we «Wiwa konsalt» kompaniýasy çykyş edýärler. 

 

Batyr MÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.