logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Astrahanda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy
  26.04.2024
676
Astrahanda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy

Düşenbe güni Russiýa Federasýasynyň Astrahan sebitindäki  türkmen mekdebiniň çäginde Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Funtowo oblastynda muzeý açyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metgbugat gullugy habar berýär.


 

Türkmen wekilýeti W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň garşysyndaky seýilgähde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül gowşurmak dabarasyna hem gatnaşdylar.

 

 

Soňra wekiliýetiň agzalary Astrahan oblastynyň Funtowo obasyndaky türkmen mekdebiniň çäginde Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň açylyşyna gatnaşdylar we şahyryň suratlarynyň, eserleriniň, türkmen milli saz gurallarynyň hem-de senetçilik önümleriniň ýerleşdirilen muzeýine gymmatly eksponatlary gowşurdylar. 


 

Muzeýiň müdiri Alfiýa Muhtarowanyň aýtmagyna görä:
 

  • “Muzeý üçin eksponatlar Funtowo obasynyň ýaşaýjylary tarapyndan bize getirildi we köp sanly şaý-sepler, suratlar , kitaplar Türkmenistandan gelen wekiller we myhmanlar tarapyndan sowgat edildi”


 

Muzeýde jemi 80-den gowrak dürli görnüşli eksponat bardyr. Mekdepde türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert hem geçirildi we 8-9-njy synp okuwçylarynyň arasynda düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi.