logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Astrahanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 180 sany türkmenistanly talyp bilim alýar
  18.11.2022
1399
Astrahanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 180 sany türkmenistanly talyp bilim alýar

Astrahanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde dürli hünärler we ugurlar boýunça Türkmenistandan 180 sany talyp bilim alýar. Bu barada, Türkmenistanyň Astrahandaky diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda Türkmenistanyň konsuly Nury Gölliýewiň Astrahan uniwersitetiniň rektory Olga Başkina bilen bolan duşuşygyndan soň habar berilýär.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmenistandan baran lukman-ordinatorlar Russiýanyň uniwersitetinde diplomdan soňky taýýarlygyny geçýärler.

Türkmenistanyň konsuly Nury Gölliýewiň, Astrahan uniwersitetiniň rektory Olga Başkina bilen bolan duşuşygyndan soň taraplar hyzmatdaşlygyň hem-de ylmy we amaly maslahatlary, akademiki alyş-çalyşlary, bilelikdäki ylmy barlaglary we lukmançylyk olimpiadalaryny geçirmegiň geljegini şeýle-de Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetinde türkmen raýatlarynyň bilim almagy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.