logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Astronomlar ýaşap boljak bir planetany tapdylar
  12.03.2024
625
Astronomlar ýaşap boljak bir planetany tapdylar

“The Guardian” gazetiniň habaryna görä, Jeýms Webb teleskopy astronomlara umman bilen örtülen bir planetany tapmaga mümkinçilik berdi.

 

 

Neşiriň habaryna görä, TOI-270 d planetasy ýerden takmynan 70 yşyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Ol ýerde metanyň we kömürturşy gazynyň alamatlary ýüze çykaryldy. Kembrij uniwersitetiniň gözlegçileri alnan maglumatlaryň suw dünýäsine laýyk gelýändigini mälim etdiler. Ol ýerde täsin deňziň bardygyna şübhelenýärler.

 

 

Professor Nikku Madhusudhan, ummanyň temperaturasy 100 °C gradusa ýa-da ondanam ýokary bolup biler diýip aýtýar. Mundan başgada, hünärmenler gijelerine temperaturanyň peselip biljekdigini aýtdy. Bu bolsa planetanyň  ýaşaýyş üçin amatly şertleriň bolup biljekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär.

 

Oguloraz ATAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.