logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Ata-watan mukaddesdir!
  18.08.2020
889
Ata-watan mukaddesdir!

   Watan, onuň goragy baradaky mesele şu gün ýa-da düýn ýüze çykan mesele däldir. Ol türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz han Türkmeniň döwründen, belki-de, ondan hem irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. Şeýle bolansoň, watançylyk terbiýesi halkymyzyň aňyna ene süýdi, ene hüwdüsi bilen guýlandyr. Başgaça aýdylanda, türkmenler öz çagalaryny dünýä inen gününden başlap, heniz gundagdaka Watana, gaýduwsyzlyga, merdanalyga, at-ýaraga söýgi ruhunda terbiýeläp başlapdyr. Munuň şeýledigini türkmenleriň öz çagalaryna dakýan atlary, söweşlerde görkezen edermenlikleri üçin berýän lakamlary, hüwdülerinde, nakyllardyr atalar sözünde edýän öwüt-ündewleri tassyklaýar. Hut şonuň üçinem halkymyz Watan babatda Jygaly begiň: «Watany terk ediji bolma!» diýen pendini özüne ömürlik ýörelge edinipdir. Şeýle hem türkmen halky her bir zatdan ozal Watanyň we öz mähriban halkynyň bähbidini ileri tutýar, olary goramagy ilkinji orunda goýýar. Şu çuň manyly sözleri okan, Watany öz ömrüniň manysy hasaplan, Watany mukaddeslige göterip, Watan üçin gara başyny orta goýan ýigidiň ölmez-ýitmez bolýandygyna bütin durky bilen ynanan Watan perzendi nädip edermen bolmasyn! Çünki Garaşsyz hemişelik Bitarap eziz Watanymyz bar. Ömür soňlanmajak aýdymymyz-Watanymyz bar! Biziň Watanymyza, halkymyza, söýgimiz asylly, halal zähmetimizde görünmelidir. Watana, il-güne bolan egsilmez söýgimiz joş urmalydyr we mukaddeslige ýugrulmalydyr. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahat durmuşyň, asuda ýaşaýşyň gadyryny bilmäge, mukaddes Türkmenistan Watanymyzy jandan söýmäge gönükdirilen terbiýe mekdebidir.