logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ata Watan ösüşleriň ýolunda
  09.11.2021
684
Ata Watan ösüşleriň ýolunda

Ähli ösüşleriň gözbaşynda duran Hormatly Prezidentimziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar halkymyz asuda, parahat durmuşyň gujagynda ýaşaýar. Rowaçlyga beslenen diýarymyzyň her bir güni toýly günlere, şanly senelere, ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslenip gelýär. Bagtyýarlyk döwri türkmeniň döwletli ýurdyna döwlet eçildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri günsaýyn gowulaşýar. Maksatlar anyk, ýollar aýdyň bolanda her bir günimiz diňe ösüşlere beslenýär. Şeýle-de, 05.11.2021-nji ýyl senede bolsa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasynyň Garaşsyzlyk ýaşaýyş jaý toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärlerine niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýy sowgat edildi. Şeýle-de, TIIM-niň işgärleri Hormatly Prezidentimiz tarapyndan berlen bu sowgat üçin öz ýürek buýsançlaryny giňden beýan etdiler. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň öňisyrasynda täze jaýyň açaryny ellerine alan TIIM-niň işgärleriniň begenç duýgulary has-da goşalandy. TIIM-niň işgärleri üçin bimöçber aladalary edýan Hormatly Prezidentimize özleriniň çäksiz minnetdarlygyny bildirýärler.