logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ata Watanymyz oňyn özgertmeler bilen rowaçlanýar
  04.05.2023
707
Ata Watanymyz oňyn özgertmeler bilen rowaçlanýar

Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizde, jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim ojaklarynyň, saglyk hem sport merkezleriniň ýokary depginli gurluşygy alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ugurlaryny halkara standartlara laýyklykda ösdürmek, senagaty döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, obasenagat toplumyndaky işleri talabalaýyk ýagdaýda ýola goýmak boýunça netijeli ädimler ädilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berilýär. Çünki ýaşlar bilen bagly wezipeler döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi, munuň şeýledigine kabul edilen birnäçe maksatnamalar, asylly başlangyçlar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen bu ulgamda hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär.                                                                   

Şeýle-de ulag ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, halkara ýük daşamagy amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meselelere, Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagly Serdarymyz ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny yzygiderli nygtaýar.

Şeýlelikde, uly ýeňişlere beslenýän taryhy wakalar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen strategiýasynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de ýurdumyzyň parahatçylykly hem oňyn ösüş ýoluna berk ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Saparmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.