logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Atakama çöli dünýäniň zibilhanasyna öwrülip barýar
  29.11.2022
989
Atakama çöli dünýäniň zibilhanasyna öwrülip barýar

Çilidäki Atakama çölüne – taşlanylýan zibiller sebäpli ekosistemasy howp astynda. Ýewropada, Aziýada we ABŞ-da satyp bolmaýan müňlerçe tonna eşik Çilä iberilýär. Häkimiýetler bu eşikleriň tebigatda ýitip ýok bolmagy üçin ýüzlerçe ýylyň gerekdigini howany we topragy hapalaýandygyny bellediler.

Ulanyşdan galan ulaglar hem Atakama zyňylypdyr. Bularyň ulanyp bolaýjagy Peru, Boliwiýa we Paragwaý ýaly ýurtlara eksport edilýär. Galanlary bolsa çüýremegi üçin galdyrylýar.

Atakama çöli 100 müň inedördül kilometre barabardyr. Bu çölde seýrek duşýan ösümlik we bakteriýa görnüşleri ýaşaýar.