Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Atalar sözi – pähim-parasadyň öýi
  02.05.2023
2674
Atalar sözi – pähim-parasadyň öýi

Halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň bir görnüşi-de atalar sözi we nakyllardyr. Bu özboluşly žanr şöhratly halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň, pähim-parasadynyň gymmatly önümi bolup, gaýtalanmajak umumadamzat gymmatlyklarymyzyň bir bölegidir. Atalar sözi hem nakyllar milletiň durmuşyny, pikirini, däp-dessuryny, içki dünýäsini, garaýyşlaryny özünde jemleýär. Atalar sözi durmuşyň her pursadynda, sözleýişde köp ulanylýar. Atalar sözi öwüt-nesihat äheňinde bolup, ol arassa ahlakly, kämil ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde uly orna eýedir. Şeýle-de atalar sözi we nakyllar öz pikiriň düşnükli ýa-da täsirli bolmagy, aýdan sözüňi tassyklamak üçin hem peýdalanylýar. Olar esasan hem dilewar, paýhasly, söze çeper adamlar tarapyndan döredilýär. Olaryň düzülişi ýönekeý bolup, many-mazmun taýdan sada bolýar. Mysal üçin, «Ýatan öküze iým ýok», «Il oňlasa atyňy soý», «Dil – bela, diş – gala», «Bilimli il ozar», «Ata-enäniň bahasy bolmaz, kümüş-gyzylyň könesi» we ş.m. Käbir atalar sözüniň hem nakyllaryň öz döreýşi, ol hakdaky rowaýatlar hem bar. Olaryň köpüsi durmuş bilen baglanyşykly bolup, häsiýeti boýunça asyl manyda, göçme manyda ýa-da köp manyda ulanylýan toparlara bölünýär. Olaryň ählisiniň hem temasy baýdyr. Esasan hem «Dil bela-diş gala», «Bir okana bar, bir-de dokana», «Hünärli ýigit, miweli agaç», «Myhman ataňdan uly», «Salam – edebiň başy»  we ş.m ýaly nakyllar hem atalar sözi ýaş nesli ahlak ruhunda terbiýelemäge uly ýardam edýär. Bulardan başga-da, dostluk-agzybirlik, ahlakly, halal ýaşamak, söýmek, söýülmek, hüşgärlik ýaly meselelere bagyşlanylyp hem atalar sözleri bar. Nakyllar aýratyn hem ene dilimiziň baýlaşmagyna, sözleýiş medeniýetimiziň ösmegine ýardam berýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladasy bilen ýola goýulýan beýik başlangyçlary, şeýle hem Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Paýhas çeşmesi» kitaby bu babatda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlyk hem ýörelgeli ýoldur. 

 

Kuwwat SEÝITJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.