logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /«Atalaryň göreldesi — nesilleriň döwletlilik ýörelgesi» atly maslahat geçirildi
  19.04.2022
832
«Atalaryň göreldesi — nesilleriň döwletlilik ýörelgesi» atly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň medeniýet öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanan «Atalaryň göreldesi — nesilleriň döwletlilik ýörelgesi» atly maslahat geçirildi. Çäre gatnaşyjylaryň Mälikguly Berdimuhamedowyň bu ýerde ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýmaklary bilen başlandy.

Maslahata harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, işgärleridir harby gullukçylary, görnükli şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de esgerler gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Mälikguly aganyň sözlerine döredilen «Köp ekeliň dänäni», «Uruş bolmasyn» atly aýdymlar ýaňlandy.

Soňra maslahatyň hormatly myhmanlary, içeri işler edaralarynyň weteranlary, Içeri işler ministrliginiň işgärleri harby bölümiň muzeýine hem-de Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň muzeýine aýlanyp, Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly bilen baglanyşykly muzeý eksponatlarynyň sergisini synladylar. Bulardan başga-da, harby bölümde Mälikguly aganyň gulluk ýyllarynda ulanan moto we awtoulaglarynyň ýörite sergisi guraldy.

Harby bölümde içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ruhuna bagyşlanyp sadaka berildi.