logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Atlar hakynda gyzykly maglumatlar
  14.02.2023
5222
Atlar hakynda gyzykly maglumatlar

- Atlaryň öý hojalygynda saklanylýan görnüşiniň ortaça ömri 25 ýyl diýip hasap edilýär;

- Atlar arylardan gorkýarlar. Sebäbi, arylaryň onlarçasynyň çakmagy uly aty öldürip biler;

- Sagdyn at skeletinde jemi 205 sany süňk bar;

- Arap atlarynyň süňkleri, beýleki tohum atlaryň süňkünden tapawutly bolup, bu olaryň özboluşly profilini kesgitleýär. Şeýle hem, olarda 17 gapyrga, 5 sany bil gapyrga we 16 sany guýruk oňurga bolýar;

- Atlar reňkli düýşleri görüp bilýärler;

- Budenowskiý tohum atlary – «Altyn» reňkiň eýesi hasap edilýär. Sebäbi howanyň güneşli wagty hem bu atlar ýaldyraýan ýaly bolup görünýär;

- Atlar 360 ​​dereje görüşe eýedirler;

- Häzirki wagta çenli iň ýyndam at 88 kilometr tizlik gazanypdyr;

- Amerikan krem atlarynyň krem reňkli derisi we ýantar gözleri bolup, bu tohum atlarynyň gözleri gyzyl reňkde diýen ýaly. Emma, bu tohumyň taýlary ak reňkli gözler bilen dogulýarlar;

- Atlaryň häzirki wagtda ýer şarynda 160-dan gowrak görnüşi bardyr;

- At ýigrimi üç milletiň mukaddes haýwany hasaplanylýar;

- Maglumatlara görä, atlar gaýnadylan iýmitleri iýip bilmeýärler. 

 

Muhammet AŞYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.