logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Atym bar - ganatym bar
  07.03.2024
1083
Atym bar - ganatym bar

Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, türkmen bedewlerini halkara ýaryşlara taýýarlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan atçylyk sport toplumlarynyň, döwrebap  aýlawlaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň  hereket etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

 

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly gymmatly kitaplary halkymyza uly gollanmadyr. Bu ajaýyp kitaplar türkmen bedewleriniň gözelliginiň, ýyndamlygynyň soňlanmajak waspydyr.

 

 

Taryhyň ähli döwürlerinde-de halkymyzyň syrdaşy, göz-guwanjy bolup gelen meşhur ahalteke bedewlerimiziň bütin dünýädäki abraýy bu gün barha belende göterilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda badalga berlen giň gerimli özgertmelerdir beýik işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýär.

 

 

Gülnäz JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.