logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Atyrlar hakynda nämeleri bilýäris?!
  22.10.2022
2165
Atyrlar hakynda nämeleri bilýäris?!

- Gadymy müsürde atyrlar ösümliklerden alynýan dürli ysly ýaglaryň garyndysyndan ybarat bolupdyr.

- XIV asyrda Wengriýada düzümine alkogol goşulyp ýasalýan atyrlar peýda bolup başlapdyr.

- Atyryň iýmitlik görnüşi-de bolup, ol Garward uniwersitetiniň biology Ş.Mansi hem-de awstraliýaly parfýumer L.Makreý tarapyndan döredilipdir.

- 1608-nji ýylda Florensiýada ilkinji atyr öndürýän zawod döredilipdir.

- Adam beýnisi takmynan 10 müň dürli atyr yslaryny tapawutlandyrmaga ukyplydyr.

- Gadymy Gresiýada zenanlar hem gyzlar jasminiň ýapraklaryndan alnan suwuklyk bilen geçiniň süýdi garylyp taýýarlanan goşundyny atyr hökmünde peýdalanypdyrlar.

- Kiprde geçirilen arheologiki gözleglerde bu ýerde iň gadymy atyrlaryň öndürilendigi ýüze çykaryldy. Onuň ýaşy takmynan 4 müň ýyla golaý bolup,  meýdany 4 müň inedördül metr bolan bu atyr ussahanasynda 60-dan gowrak atyr gaplary tapyldy.

- Döwrebap atyrlaryň düzümi onlarça, hatda ýüzlerçe komponentleri öz içine alyp bilýär.

- Käbir atyrlaryň bahasynyň gymmatlygynyň sebäbi birnäçe faktorlara esaslanýar. Ýagny hoşboý ysyň resepti, çüýşe gaby, ony gaplamak we ş.m. maliýe serişdeleriniň diňe 25 %-i atyryň hoşboý ysy üçin bölünip berlip, onuň esasy bölegi mahabat üçin harçlanýar.

- Atyryň ysy köplenç tebigy gül ýagyndan öndürilýär. Onuň üçin gül ýapraklary diňe gijesine ýa-da gün dogmazyndan ozal ýygnalýar. Gül ýagynyň 1 kg-ny almak üçin bolsa ortaça 5 müň kg gül ýapraklary gaýtadan işlenilýär. 

 

Bägül ARYKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.