logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /«Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyşy boldy
  14.06.2023
1069
«Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyşy boldy

13-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyşy boldy.

Bu halkara festiwalda ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary bilen birlikde, Gazagystanyň «Jorga», «Aktau sazy» halk folklor toparlary, Russiýanyň Garri Polewoý adyndaky «Ogonki» rus tans toparlary, Täjigistanyň «Lola» tans we folklor toparlary, Rumyniýanyň «Transilwaniýa» folklor topary, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Riwaýat», Eýranyň «Zendegi Mazandaran» tans we aýdym-saz toparlary, Hindistanyň «Bihu» folklor we tans toparlary, Özbegistanyň «Parwoz», «Bogdon» halk aýdym we tans toparlary, Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň medeniýet, sungat we syýahatçylyk mekdebiniň tans toparlary özleriniň ajaýyp çykyşlaryny ýerine ýetirýärler.

16-njy iýuna çenli dowam etjek bu halkara festiwalda her gün halk döredijilik, folklor-etnografik toparlarynyň çykyşlary giňden ýaýbaňlandyrylar.