logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy
  10.08.2025
893
Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy

2025-nji ýylyň 5-8-nji awgustynda Türkmenistanyň Awaza Milli Syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze Çykalgasy Bolmadyk Ösüp Barýan Ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri we medeniýet-sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçirildi. Bu çäre sebitiň baý medeni mirasyny we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen guraldy.

Bu medeni çärä maslahata gatnaşan Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan we Azerbaýjan ýaly ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlary öz halkynyň baý sungatyny, däp-dessurlaryny görkezmek üçin täsirli çykyşlar etdiler. Olar milli tanslary, aýdym-sazlary, halk aýdymlary we dürli sahna görkezmeleri arkaly gatnaşyjylaryň kalbyny eýelediler.

Dabaraly konsert diňe bir medeniýet ugry bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem möhüm rol oýnady. Çärä gatnaşyjy döwletleriň sungat ussatlary öz medeni mirasyny tanatmak bilen bir hatarda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dostluk we düşünişmegiň güýçlendirilmegine goşant goşdular.

Galyberse-de Azerbaýjan respublikasynyň Milli Gününe hem aýratyn üns berildi. Bu baýramçylyk Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň ýokary derejede bardygyny aýdyň görkezdi. Şeýle konsert we medeni çäreler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar üçin möhüm binýat bolup durýar.

BMG-niň Deňze Çykalgasy Bolmadyk Ösüp Barýan Ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatynyň (LLDC3) dowamynda geçirilen medeniýet we sungat çäreleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biri-biri bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, olaryň milli mirasyny we sungatyny dünýä ýüzüne ýaýratmak üçin uly mümkinçilik döretdi. Bu çäreler arkaly ýurtlaryň medeni mirasy we sungat däpleri halkara derejesinde tanalýar, ýaş nesillerde milli medeniýetiň hormat edilmegi we saklanylmagy üçin gyzyklanmany artdyrýar.

Şeýlelik bilen, BMG-niň Deňze Çykalgasy Bolmadyk Ösüp Barýan Ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde guralan bu dabaraly konsert sebitiň ykdysady we syýasy meselelerinden başga-da medeni hem-de ruhy taýdan birleşmeginiň beýany boldy. Şeýle çäreler hem-de forumlar sebitiň ýurtlarynyň geljekde has gowy hyzmatdaşlyk üçin ýoly açýar, sebitiň durnukly ösüşine goşant goşýar.


Çaryýewa ANNAGÜL,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.