logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Awazada geçirilen konsultatiw duşuşygy
  12.08.2021
724
Awazada geçirilen konsultatiw duşuşygy

06.08.2021-ýji ýylda Ýurdumyzyň gözel künjekleniň biri bolan, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň milli önümleriniň Haklara sergisi, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň zenanlarynyň Dialogy, şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň milli tagamlarynyň Halkara sergisi bilen bir hatarda ykdysady we medeni häsiýetli ugurdaş çäreleriň birnäçesi geçirildi.

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda çärä gatnaşýan ýurtlaryň baştutanlary özara syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna seretdiler. Sebit durnuklylygynyň meseleleri boýunça işjeň pikirler alyşdyrlar. Şeýle-de, döwlet ýolbaşçylary ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň arasynda yzygiderli bäş taraplaýyn duşuşyklary geçirmek arkaly daşary syýasy hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge ylalaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.

Günüň ahyrynda döwlet baştutanlary Merkezi Aziýanyň döwletleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk konserdine hem-de resmi agşamlyk naharyna gatnaşdylar.