logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi
  10.08.2025
1112
Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçirildi. Bu çäre dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň jemleýji tapgyry bolup, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli günleri dabaranyň aýratyn öwüşginli bolmagyny üpjün etdi.

 

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan bu çäre ýurdumyzyň ählumumy meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşýandygynyň, parahatçylyk merkez hökmünde abraýynyň ýokarlanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Merkezi Aziýa döwletleri we Azerbaýjan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär.

 

Dabara «Ýaşa, mähriban Arkadag!» atly aýdym bilen başlanyp, milli tanslar we aýdym-saz çykyşlary bilen dowam etdi. Folklor toparlary, meşhur hem-de ýaş artistler dürli žanrlarda çykyş edip, halk saz gurallarynyň owazyny, döwrebap sazlary we milli öwüşginli tanslary tomaşaçylara ýetirdiler. Çykyşlar dürli ýurtlaryň medeni baýlygyny şöhlelendirdi.

 

Deňziň owadan görnüşi, suw çüwdürimleriniň keşbi, yşyk we reňk sazlaşygy, uly monitorlardaky şekiller konsertiň täsirini güýçlendirdi. Arkadag tarapyndan sözleri we sazy ýazylan «Garaşyp ýazlaryň joşan wagtyna» atly aýdym tomaşaçylara aýratyn täsir etdi.

 

Dabaranyň ahyrynda gadymy küştdepdi tansy ýerine ýetirildi, bu hem döredijilik arkaly parahatçylygyň we agzybirligiň dabaralanmagyny alamatlandyrdy. Soňunda ähli gatnaşyjylar bilelikde «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymy ýerine ýetirdiler.

 

Şeýlelikde, bu döredijilik baýramy halklaryň medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrdy hem-de sungat ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

 

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň umumy bölüm
müdiri.