logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Awazadaky “Daýanç” sagaldyş merkezinde okuw maslahaty işjeňlikde geçirilýär
  18.10.2023
599
Awazadaky “Daýanç” sagaldyş merkezinde okuw maslahaty işjeňlikde geçirilýär

Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmeleriniň maliýe-ykdysady bölümleriniň müdirleriniň, baş hasapçylaryň, esasy hünärmen hasapçylaryň, derňew toparlarynyň derňewçileriniň hünär  taýýarlyklaryny ýokarlandyrmaklyga uly üns berilýär. Şu maksat bilen TKA-nyň Milli merkeziniň maliýe-ykdysady bölüminiň TKA-nyň Derňew topary bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň edaralarynyň hasaba alyş syýasatyny halakara standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň ugurlary” atly okuw maslahaty guraldy.

TKA-nyň Milli merkeziniň maliýe-ykdysady bölüminiň TKA-nyň Derňew topary bilen bilelikde “Daýanç” sagaldyş merkezinde guraldy.Şu ýylyň oktýabr aýynyň 16-20 aralygynda dowam eden okuw-maslahata TKA-nyň birleşmeleriniň maliýe-ykdasdy bölümleriniň müdirleri, baş hasapçylar we degişli hünärmenler gatnaşýar.

Okuw-maslahata degişli hünärmenler okuwa gatnaşýanlaryň öňünde çykyş edip, TKA-nyň edaralarynda hasaba alyş işlerini has-da kämilleşdirmegiň ugurlaryny düşündirildi. Bu çäre oňa gatnaşanlaryň hünär taýýarlyklaryny ýokarlandyrmaklaryna ýardam etdi.

 

Akmuhammet Magtymgulyýew
TKA-nyň Kaka etrap
Birleşmesiniň esasy hünärmeni