logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Awgust aýynda göz öňünde tutulýan möhüm çäreler:
  30.07.2022
822
Awgust aýynda göz öňünde tutulýan möhüm çäreler:

     29-njy iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Türkmenistanyň Prezidentine awgust aýynda göz öňünde tutulan çäreler barada hasabat berildi.
Şuňa laýyklykda, 1-nji awgustda ýurdumyzda ähli ýolbaşçylar zähmet rugsady çykýar. Muňa garamazdan, ýurdumyzda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny we brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Has dogrusy:
1-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Rowaç” kottežler toplumy açylar;
3-nji awgustda halkara ralli ýaryşynda we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýeňiji bolan türgenler sylaglanar;
5-nji awgustda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan “Arkadagly nesiller” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşar;
8-nji awgustda möhüm Demirgazyk-Günorta ulag ýolunyň ugrunda Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze uly köprüniň düýbüniň tutmak dabarasy bolar;
15-16-njy awgustda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçiriler;
27-nji awgustda «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.
Şeýle-de çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik, zehin bäsleşikleri we sport ýaryşlary geçiriler.