logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Awgust aýynda Türkiýä 5 sany ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär
  26.07.2022
1022
Awgust aýynda Türkiýä 5 sany ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy awgust aýynda Aşgabat — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça 5 sany ýörite halkara uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu ýörite uçar gatnawlaryny 2-nji, 3-nji, 11-nji, 12-nji we 25-nji awgustda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Uçar ýokarda bellenilen günlerde Aşgabatdan sagat 16:00-da ugrap, şol gün Stambuldan sagat 19:30-da yzyna gaýdar. Ertesi gün bolsa, sagat 08:30-da Türkmenbaşynyň Halkara howa menziline gelip gonar.