logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Awstriýada aşa tizlige garşy täze çäre: Ulaglar eýesinden alnar!
  06.12.2022
1057
Awstriýada aşa tizlige garşy täze çäre: Ulaglar eýesinden alnar!

Awstriýanyň Daşky gurşaw, energiýa we ulag ministri Leonore Gewessler metbugat ýygnagynda ulag tizligini çenden aşa ýokarlandyrýanlar üçin taýýarlanan täze kanun taslamasyny halk bilen paýlaşdy.

Ministr aşa ýokary tizlik bilen awtoulag sürýänleriň daşky gurşawa çynlakaý howp salýandygyny we şeýle ýagdaýa sebäp bolýanlaryň elinden awtoulagyň hemişelik alynjakdygyny mälim etdi.

Gewessler ulagy dolandyrýanlaryň ulagyň gözegçiligini düýbünden ýitirýändigini, şeýlelik bilen heläkçilikli hadysalara sebäp bolup, ýylda 400-500 adamyň pida bolmagyna getirýändigini aýtdy.

Täze kanunyň taslamasyna laýyklykda, şäherde we şäheriň daşynda kesgitlenen tizlikden geçse onda polisiýa muny eden adamy wakanyň bolan ýerinden alyp gaýdar we ýagdaýy kazyýete çykarar. Kazyýet, adamyň tizlik çägini we nähili temmi çäresini bermelidigini kesgitlär.

Eger-de sürüji şäher içinde sagatda 120 kilometrden we şäheriň daşynda sagatda 220 kilometrden  ýokary tizlik bilen sürse onda onuň awtoulagy eýesinden hemişelik alnar we auksionda satylar.