logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Awtobanyň Aşgabat – Tejen bölegi halkyň hyzmatynda
  09.01.2022
659
Awtobanyň Aşgabat – Tejen bölegi halkyň hyzmatynda

Awtoban tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň esasy aýratynlygy onuň ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu ýokary tizlikli ýol beýleki ýollar, şol sanda awtomobil ýollary ýa-da bir derejedäki welosiped ýodajyklary bilen kesişmeýär.

Ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr bolup, açylyp ulanmaga berlen Aşgabat – Tejen bölegi 203 kilometrdir. Onuň ugrynda ençeme inženerçilik desgalary bina edildi, ýagny wideogözegçilik enjamlary töleg terminallary, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleri, tizlik ölçeýjilerdir aragatnaşyk nokatlary oturdyldy, ýangyç guýujy beketler, köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri bar. Şeýle hem söwda, hyzmat ediş we beýleki desgalar guruldy, ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatlyklar döredildi. Şonuň ýaly-da, sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem netijeli ulanylýar. Ýoluň ugrynda Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleriniň ulanylmagy Gün energiýasyndan peýdalanmagyň häzirki zaman ylmy usullarynyň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagyna şaýatlyk edýär.

         Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň müşderleri Aşgabat–Tejen böleginiň amatly töleg tariflerinden hem-de çeýe nyrh syýasatyndan peýdalanýarlar. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat–Tejen böleginiň üstünlikli ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň halkara ähmiýetli üstaşyr ulag düzüminiň çalt kemala gelýär. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar.