logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy
  18.10.2022
873
Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy

Ýakynda Tejen şäher medeniýet öýünde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka, Babadaýhan, Tejen etrap hem-de şäher birleşmeleriniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli «Arkadagly Serdar bilen öňe barýar eziz Watan» ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara hem özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Baýramçylyk dabarasyna etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada etrap medeniýet bölüminiň aýdymçy-sazandalary, tans toparlary, sahna wäşileri özleriniň aýdymdyr sazlary şowhunly tanslary, gülküli sahna oýunlary bilen dabara gatnaşanlara şatlyk-şowhun paýladylar.

Aýdym-sazly dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göteren, ýurdumyzy kuwwatly mekana öwren hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.