logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /AÝDYM-SAZLY DABARA
  19.03.2020
1037
AÝDYM-SAZLY DABARA

        Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň iri jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Gyzylýarymaý milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi, etrabyň A.Orazdurdyýew adyndaky 3-nji orta mekdebinde şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany, dünýä joşgun beren ajap mukamy” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Gyzykly hem-de täsirli geçen dabara etrabyň orta mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary, mekdebiň dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolan okuwçylary gatnaşdylar.

        Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler ,,Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işler, ýetilen belent sepgitler hakynda buýsanç bilen aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyksöýüjilikli içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde jemgyýetçilik guramalarynyň mynasyp işleri bitirýändiklerini belläp geçdiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy gülledip ösdürmekde ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzy alkyşladylar.

        Aýdym-sazly dabarada 3-nji orta mekdebiň çeper höwesjeňleri ,,Bitarap Watanym-eziz mekanym” atly edebi-sazly kompazisiýany görkezdiler. Olaryň degişme sahnalary-da gyzgyn garşylandy. Akwekil geňeşliginiň medeniýet öýüniň aýdymçysy Ulugberdi Orazberdiýewiň aýdan aýdymlary, ýaş tansçylaryň ýerine ýetiren ,,Palaw tansy” , ,,Çapyksuwaryň tansy”, ,,Küştdepdi” tansy bu ýere gelen myhmanlaryň göwünlerini göterdi.

        Baýramçylyk mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabaranyň ahyrynda dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolan ýaş mugallymlara hem-de mekdep okuwçylaryna Gyzylýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hem-de etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.